Biz barada





“ÝAŞ TÜRKMENLER” Hususy kärhanasy barada


“Ýaş türkmenler” Hususy kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyryjy Mämmetnur Geldimyradowiç Annaýew tarapyndan döredildi. Kärhana edara görnüşli tarap bolup Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýär.

Ýokarda görkezilen işleri ýerine ýetirmek üçin kärhananyň degişli ygtyýarnamalary we sertifikatlary bar.

Umumy gurluşyk pudagynda “Ýaş türkmenler” HK-ny işleri ýokary hilli we gysga möhletde ýerine ýetirmek, öňdebaryjy ýerli we daşary ýurt tehnologiýalaryny ulanmak, güýçli inžener çözgütleri we gurluşyk usullary tapawutlandyrýar.

Binalaryň we desgalaryň gurluşygynda, gurluşyk-gurnam işleriniň ýerine ýetirilmeginde biz işleriň kitapçasy, delilnamalary, ýerine ýetiriş çyzgylary, materillary we enjamlar üçin sertifikatlary we pasportlary öz içine alýan tabşyryş resminamalar bukjasy bilen resminamalar toplumyny üpjün edýäris. Ähli ýerine ýetirilýän işler üçin kepillikli borçnamalar berilýär. Ähli ulanylýan materiallar hem degişli sertifikatlar we hil pasportlary bilen tassyklanylýar. Toplanan tejribe, güýç we hünärmenleriň inžener-tehniki  düzümi biziň kärhanamyza taslamalaryň amala aşyrylmagynyň talap edilýän möhletini we olaryň işe girizilmegini üpjün etmek bilen birlikde dürli kynçylykdaky desgalarda  potratçynyň ornunda çykyş etmäge ýardam berýär.

Häzirki wagta çenli biz tarapyndan Balkan welaýatynda harby gullukçylar üçin 4-gatly ýaşaýyş jaýlary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň sargydy boýunça ýöriteleşdirilen desgalar, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 100 metr beýiklikdäki Döwlet baýdak sütünleri welaýatlaryň häkimligiň tabşyrygy boýunça, Aşgabat ş. 12-gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we 10 sany kottej jaýlarynyň gutarnykly gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşigiň buýrujy hökmünde tabşyrygy boýunça, Ahal welaýatynyň senagat zolagyndaky zawod binasynyň gurluşygy guruldy we ulanylmaga berildi. Ýokarda agzalan desgalaryň gurluşygynda hem biz tarapyndan taslama işleri ýerine ýetirildi. Şeýle-de, kärhanamyz Aşgabat ş. Olimpiýa şäherçesiniň, Aşgabat ş. ýadygärlikler toplumlarynyň, Aşgabat ş. Halkara howa menziliniň, Owadandepedäki tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik benzini öndürýän zawodyň gurluşygynda özüniň goşandyny goşdy.

Kärhanamyzyň ýol gurluşygynda uly tejribesi bar. 2012-nji ýyldan başlap biziň kärhanamyz tarapyndan Balkan welaýatynyň çäginde degişli derejedäki ýol işleri ýerine ýetirildi. Hasapda dürli gurluşyk-ýol tehnikasynyň (ekskawatorlaryň, greýderleriň, katoklaryň, asfalt düşeýjileriň we ş.m.) köp sanynyň, şeýle-de ökde hünärli işgärler düzüminiň bolmagy bilen biziň kärhanamyz tarapyndan ýollaryň taslamasyndan başlap we asfalt düşemegi bilen tamamlamak bilen işler ýerine ýetirildi. Aşgabat-Gökdepe gara ýollarynyň bölegi, Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky şäher we şäherçe ýollary möhletinde ulanylmaga berildi. Şular bilen birlikde, yşyklandyryş boýunça işler ýerine ýetirildi, ýagny yşyklandyryş sütünleri we ýokary woltly transformatoryň kiçi beketleri gurnaldy. Kärhanamyzyň geçirýän gurluşyk çäreleri ekologiýa howpsuzlygyny hasaba almak bilen amala aşyrylýar. Bu aýratynam dynç alyş, bejeriş edaralaryň, mekdepleriň we ş.m. ýerlerine golaý ýol gurluşyklarynyň ýerine ýetirlen ýagdaýynda möhüm bolup durýar.    

“Ýaş türkmenler” HK-nyň ýurduň içinde hususy demontaž tehnikasynyň we enjamlaryň uly duralgasy bar. Şeýle-hem, ýükleri Türkmenistanyň çäginden daşary awtoulag serişdesi bilen daşamaga ygtyýarnamasy bar, “Ýaş türkmenler” HK-sy ýükleriň uzak aralyga hem daşalmagyny ýerine ýetirýär.  Gös-göni “MAN” söwda nyşanly  samoswallar bilen karýerlerden desgalara ürgün ýükleriň daşalmagyny ýerine ýetirýär, sementowozlar bilen zawotdan bellenilen ýerine çenli çig mal üpjün edilýär, awtosisternalar bilen suw daşaýarys. Şeýle-de, biz tarapyndan agyr agramly we uly göwrümli ýükleriň (gurluşyk tehnikasynyň, uly göwrümli enjamlaryň we ş.m.) uzak aralara daşalmagy amala aşyrylýar.

Kärhanamyzyň ulagjaýynda dizel ýangyjyny we ýanyjy-ýaglaýjy materiallary daşamak üçin hem ýöriteleşdirilen awtoulaglar bar. Işiň şu görnüşi hususy ulaglary ýangyç bilen üpjün etmek üçin, şeýle-de buýrujylar bilen şertnama esasynda daşamak boýunça ýerine ýetirilýär.

“Ýaş türkmenler” HK-nyň hasabynda awtoulag kranlaryň bolmagy bilen, ýük göteriji işleri ýerine ýetirýär. Ýük göteriji işler uly desgalaryň, ýagny Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynda, Aşgabatdaky Halkara howa menzilinde we beýleki uly göwrümli gurluşyk taslamalarynda ýerine ýetirildi. Buýrujylar meşhur kompaniýalar, ýagny Polimeks, Ronesans, Interbudmontaž, Altkom, Buig we beýlekiler boldy. Şunlukda kärhanamyz şertleşilen nyrhlaryň esasynda ekipažly we ekipažsyz gurluşyk tehnikasyny berip bilýär.

Kärhanamyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň artykmaçlygy şu aşakdakylardan ybarat bolýar:

  • biz her bir müşderä şahsy ugry ulanýarys. Ähli buýurmalar anyk işleriň geçirilmeginiň aýratynlygyny göz öňünde tutmak bilen aýratyn tertipde seredilýär;
  • biziň hünärmenlerimiz gurluşygyň tehnologiýasyndan haýsydyr bir gyşarmalary göýbermezlige ýardam berýän hiliň tapgyrlaýyn barlagyny amala aşyrýarlar;
  • ähli çäreleriň guramaçylygy ýokary derejede geçirilýär, işgärler topary dogry düzgünli we agzybir işleýär, tehnika bolsa hemişe örän gowy ýagdaýda galýar;
  • biz tölegiň maýyşgak ulgamyny teklip edýäris;
  • tehnikanyň ýa-da işleriň geçirilmegi üçin kärende şertnamasyny baglaşmak köp wagty almaýar;
  • biz ähli işleri gysga wagtda ýerine ýetirýäris;
  • kärhamyz ýokary hili kepillendirýär.

“Ýaş türkmenler” HK-sy işleri ýerine ýetirmekde ökde tehniki çözgütleri we toplumlaýyn çemeleşmegi ulanmak arkaly buýrujylara hyzmatdaşlygyň özara bähbitli şertlerini hödürleýär.